Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň bilim ministri Kataryň ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

16:2611.12.2024
0
14305

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Aşgabada sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz Mohammad Al-Horr bilen duşuşdy. 10-njy dekabrda geçirilen duşuşyga iki döwletiň ilçileri Myratgeldi Seýitmämmedow we Hamad Al-Azbi, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu duşuşygyň esasy maksady Katar Döwletiniň Diplomatiýa instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmenistandaky beýleki ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam etjek täze başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň bilim ministri şu ýylyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk boýunça ýerine ýetirilen wezipeleri mysal getirmek bilen, bilim ulgamynda gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň ýolbaşçylarynyň soňky ýyllarda amala aşyran resmi saparlarynyň oňyn ýardamyny berendigini belläp geçdi. Şeýle-de ministr hormatly myhmana Katar Döwletiniň Diplomatiýa instituty bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň täze ugurlary boýunça birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.

Abdulaziz Mohammad Al-Horr agzalan teklipleri makullap, olary iş ýüzünde amal etmäge doly taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem özüniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna baryp görendigini, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň öňünde çykyş edendigini hem-de türkmen talyplarynyň zehininiň özünde uly täsir galdyrandygyny buýsanç bilen nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda bildirilýän gyzyklanmalar we teklipler üçin birek-birege hoşallygyny bildirdiler hem-de bu babatda gatnaşyklaryň özara bähbitli hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň