Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Parižde türkmen alymynyň eserine bagyşlanylyp halkara maslahat geçiriler

16:2811.12.2024
0
14897

13-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasynda türki dilleriň iň esasy taryhy ýadygärligi hasaplanylýan Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» eseriniň 950 ýyllygyna bagyşlanylan halkara maslahat geçiriler. Oňa Türkmenistan hem gatnaşar.

«Report» internet neşiriniň habar bermegine görä, halkara maslahata türki dilli döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparlarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de guramanyň ýanyndaky hemişelik wekilleri gatnaşarlar. Mundan başga-da, halkara maslahat Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan, Türkmenistan, Wengriýa we beýleki ýurtlardan alymlary bir ýere jemlär. Olar «Diwany lugat at-türk» eserini öwrenmek boýunça alnyp barylan işler, bu gollanmanyň türki dilleriň taryhyny öwrenmekdäki ähmiýeti dogrusynda pikir alşarlar.

Mundan başgada, halkara maslahatyň çäginde «Diwany lugat at-türk» eseriniň awtory, XI asyryň görnükli ylym adamlarynyň biri bolan türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyň mirasyny öwrenmekde alnyp barlan ylmy gözlegleriň netijeleri tanyşdyrylar. Şeýle-de «Diwany lugat at-türk» eseri barada dokumental filmiň görkezilişi guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň