Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Pars diliniň amaly kursy» atly okuw kitaby çapdan çykdy

10:5711.12.2024
0
8642
«Pars diliniň amaly kursy» atly okuw kitaby çapdan çykdy
Surat: education.gov.tm

Türkmenistanda «Pars diliniň amaly kursy» atly okuw kitaby çapdan çykdy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen bu okuw kitabynyň awtorlary B.Atanyýazowa, B.Akmämmedowa hem-de R.Hojanyýazowdyr.

Täze neşir ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenip, onuň neşir edilmeginiň maksady sözleýşi tekstler arkaly öwretmekden, diňe zerur halatynda, nazary maglumatlary gysga we anyk bermekden hem-de düşündirmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, kitapdaky ähli materiallar derslere bölünip, tematik ýörelge esasynda berilýär, talyplar üçin gyzykly bolan belli bir tema degişli tekst saýlanyp alynýar. Ol tekstler umumy bilim berijilik, öwredijilik maksatly bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, getirilýän tekstler pars dilini öwrenýän talyplaryň söz baýlygyny artdyrmagy, sözleýiş medenýetini we ýazuw endiklerini ösdürmegi, şonuň bilen bilelikde-de, grammatik düşünjelerini artdyrmagy kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Tekstler okuw sapaklarynda-da, ondan daşary özbaşdak sapaklarda-da öwrenilip bilner.

Okuw kitabynyň soňunda parsça-türkmençe sözlügiň berilmegi okuw kitabynyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

Türkmen ýokary okuw mekdeplerinde pars dilini hünär dili hökmünde okaýan talyplar üçin niýetlenen «Pars diliniň amaly kursy» okuw kitaby talyplaryň pars dilinde sözleýiş endigini, terjimeçilik işini, grammatiki, orfografiki kadalary ulanyp bilmek ýaly endiklerini kämilleşdirmekde ähmiýeti uludyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň