Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitgazburawlaýyşyň» abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginde elektrik enjamlary bejerilýär

19:1109.04.2020
0
752

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginde elektrik desgalaryny, enjamlaryny oturtmak, gurnamak, howa ulgamlaryny çekmek we abatlamak, dürli kuwwatlyklardaky dwigatelleri, transformatorlary oturdyp, sazlamak hem-de bejermek işleri ýokary hilli ýerine ýetirilýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, konserniň nebitdir gaz çykarmak bilen meşgullanýan düzümlerinde gündelik alnyp barylýan işler müdirligiň dispetçer gullugynda gije-gündiziň dowamynda gözegçilikde saklanylýar. Önümçilikde näsazlyklar ýüze çykaýan halatynda, olar gyssagly düzedilýär.

Bu ýerde konserniň önümçilik kärhanalarynda sowadyjy enjamlary abatlamak, buraw desgalaryny önümçilige päsgel bermeýän usulda synagdan geçirmek üstünlikli ýola goýulýar. Amala aşyrylýan döwrebap işler bellenilen meýilnamalaryň abraý bilen berjaý edilmegine mümkinçilik berýär.

Muňa ýylyň geçen üç aýynda 4 million 734 müň manatlyga golaý işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilendigi hem aýdyň mysaldyr. Bu görkeziji gürrüňi edilýän döwür üçin bellenilen meýilnamanyň 108,8 göterim berjaý edilendigini aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň