Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmennebitiň» Suw üpjünçilik müdirligi Ýasga ýerasty kölüniň süýji suwuny sarp edijilere akdyrýar

13:4106.04.2020
0
1177

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky Suw üpjünçilik müdirligi boýunça şu ýylyň birinji çärýeginde turba geçirijiler arkaly sarp edijilere akdyrylan suwuň umumy möçberi 1 million 16 müň kub metre ýetirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Netijede, günbatar sebitdäki nebit-gaz çykaryjylaryň önümçilik we agyz suwuna bolan islegleri doly kanagatlandyryldy.

Kärhana boýunça gürrü­ňi edilýän döwürde ýerleşdirilen suwuň 570 müň kub metre barabary täsin tebigy gudraty bolan Ýasga ýerasty kölüniň töwereklerindäki dik guýulardan alnan süýji agyz suwlarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň