Soňky habarlar

Arhiw

Hökümet mejlisi: Prezident metbugat serişdelerini bilim ulgamyny kämilleşdirmekde peýdalanmagy tabşyrdy

16:2004.04.2020
0
12948

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde ýylyň ilkinji üç aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa, metbugat we teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylaryna teleradiogepleşikleri we makalalary taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi — diýip, TDH ýazýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak meselesine uly üns berilmelidigini aýdyp, şu maksat bilen, teleýaýlymlaryň birini, meselem, «Ýaşlyk» teleýaýlymyny mekdep hem-de institut bilim maksatnamasynyň sapaklaryny, ykdysadyýetde we beýleki ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmagy öwretmek hem-de kompýuter sowatlylygyny öwretmek boýunça sapaklary görkezmek üçin peýdalanyp boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilat üçin arassaçylyk meseleleri we ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça biziň görýän çärelerimiz barada giň düşündiriş işlerini geçirmek hem zerur bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň