Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji aprelde ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde bütin dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreş zerarly girizilen çäklendirmeleriň netijesinde häzirki wagtda howa ulaglarynyň has düýpli kynçylygy başdan geçirýändigini belledi. Şoňa görä-de, döwlet Baştutany degişli wise-premýere gözegçilik edýän agentlikleriniň maliýe mümkinçiliklerine jikme-jik seretmegi tabşyrdy — diýip, TDH ýazýar.
Howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagy mümkin. Milletiň Lideri bular barada aýtmak bilen, wise-premýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşyp, agentlikleriň salgytlary ýa bolmasa alan karzlaryny tölemeli möhletini gaýra goýmak ýa-da olary goldamak boýunça beýleki çäreleri görmek barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Ozal hem habar berlişi ýaly, häzir "Türkmenhowaýollary" agentligi daşary ýurtlara uçuşlarynyň ählisini wagtlaýyn ýatyrdy. Bu çözgüt ýurda koronowirus pandemiýasynyň getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen kabul edildi.