Şu gün – 3-nji aprelde Minstrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly 2020-nji ýylyň birinji çärýegine bagyşlanyp geçirilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Çary Gylyjowa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç yglan etdi. Şeýle-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazly Nyýazlyýewa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy.
Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýewa käýinç yglan etdi.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde (03.04.2020) habar berildi.