Arhiw

Türkmen seçgiçileri maldarçylykda asyl tohumlar saklamak, olary kämilleşdirmek işlerini alyp barýarlar

11:5503.04.2020
0
1304

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ylmy esasda ösdürmekde öňde goýlan meseleler boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ylmy barlaglaryň esasy ugry ýurtda ösdürilýän mallaryň dürli görnüşleriniň, ýagny saryja we garaköli tohumly goýunlaryň, ýerli gara mallaryň, arwana tohumly düýeleriň nesil goruny saklamak, olary seçgi we çakyşdyrmak arkaly kämilleşdirmek hem-de mallaryň ýokary önüm berýän täze toparlaryny döretmek, mallarydyr guşlary iýmitlendirmegiň, olardan ýokary önüm almagyň täze tehnologiýalaryny işläp düzmek, mallary kesellerden goramak, ýerli serişdeleriň we dermanlyk ösümlikleriň binýadynda täze weterinar dermanlyk serişdeleri döretmek işine gönükdirilendir — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Munuň üçin beýleki toplumlaýyn işler bilen bir hatarda, maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde ýaş alymlary, maldarçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine uly üns berilýär. Häzirki wagtda garaköli tohumly goýunlarda alnyp barylýan seleksiýa-seçgi işleriniň esasy maksady gara reňkli garaköli goýunlary­ň baganalarynyň hilini gowulandyrmak bilen birlikde, olaryň diri agramyny hem ýokarlandyrmak boýunça işleri utgaşykly alyp barmakdan, şeýle hem geterogen jübütleşdirme usulynda ýokary hilli, dürli öwüşginli çal bagana berýän goýunlaryň tohum sürülerini döretmek bolup durýar. Bu işleriň netijesinde gara we çal reňkli garaköli goýunlarynyň tohum hili ýokarlandyrylýar.

Arwana düýeleriň «Sakarçäge» tohum toparynyň ýokary önümli nesil uruglaryna degişli höwür erkekleriň genetiki mümkinçiliklerini Balkan welaýatynyň Hazarýaka örülerinde arwana düýeleriň seleksiýa-seçgi işlerinde giň­den peýdalanmagyň netijesinde, düýeleriň süýt, et we ýüň önümliligi ýokarlandy, tohum hili gowulandyrylýar. Mallaryň et önümliligini ýokarlandyrmak boýunça işleriň netijesinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda, et-ýag önümliligi ýokary bolan gissar goýunlarynyň köýten populýasiýasynyň genetiki mümkinçiligini ulanmak esasynda, özgerdiji çakyşdyrma usulynda dowarlaryň gissar (köýten) +garaköli genotipli, ýokary et önümli gatyşyk tohumly topary döredildi. Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda kuba zebu mallarynyň genetiki aýratynlyklaryny ulanmak arkaly, gara mallaryň öri şertlerine uýgunlaşan, kesellere durnukly, diri agramy ýerli mallardan 16 — 18 göterim ýokary bolan, et ugurly zebu+şwis genotipli gibrid topary döredilýär. Saryja tohumly goýunlaryň doglandaky ýüň örtüginiň reňklerine (gara-go­ňur, goňur, ak-go­ňur), uly goýunlaryň bolsa kelle reňklerine baglylykda, olaryň önüm berijiliginiň genetiki mümkinçiligini öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirildi. Netijede, kellesi gara-go­ňur reňkli goýunlaryň diri agramynyň hem-de et-ýag önüminiň beýlekilere garanyň­da, artyklygy, kellesi ak-goňur reňkli goýunlaryň ýüň önüminiň ýokarylygy we hiliniň gowulygy kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň