Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly bedenterbiýe mugallymlaryna tennis boýunça okuwlar geçilýär

12:3301.04.2020
0
9685

Geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty hem-de Bilim ministrlikleri bilelikde paýtagtyň orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlarynyň tennis boýunça sowatlylygyny artdyrmaga gönükdirilen taslama girişdiler. Şeýlelikde, paýtagtymyzdaky 76-njy orta mekdepde geçirilen ilkinji okuwlara bedenterbiýe mugallymlarynyň köp sanlysy gatnaşdy. Olaryň iň gowularyna ýadygärlik sowgatlary we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň şahadatnamalary gowşuryldy.

Okuwlar Halkara tennis federasiýasy (ITF) tarapyndan işlenip düzülen meýilnama boýunça geçirildi. Onda mugallymlara raketka we tennis topuna erk etmek, olary ulanmagy başarmak, oýnuň käbir düzgünleri we düzgün bozmalary barada maglumat berildi.

― Ilkinji tapgyryň okuwlary «Gyzyl top» diýlip atlandyrylýar. Bu başlangyç okuwdyr. Çünki adaty topa garanyňda, gyzyl topa erk etmek aňsat bolýar. Ol has ýeňil we ýumşak, şonuň üçin öwrenje türgeniň oýna çalt uýgunlaşmagy üçin oňa gyzyl topdan peýdalanmak maslahat berilýär ― diýip, okuwlary alyp baryjy, paýtagtymyzdaky 13-nji sport mekdebiniň tälimçisi Igor Zubkow aýdýar.

Taslamanyň indiki tapgyry «Ýaşyl top» diýlip atlandyrylar. Mahlasy, taslama «Adaty top» derejesine çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň