Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nyşana ok atmak boýunça ussatlygyny görkezdi

04:1401.04.2020
0
9090

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda bolmagynyň çäginde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bar bolan we ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň düzümlerine täze gelip gowşan ýörite tehnikalar, häzirki zaman ýaraglary hem-de enjamlar bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meseleleri hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde saklanýar ― diýip, TDH habar berýär.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýöriteleşdirilen atyşhana zalyna baryp, bu ýerde bar bolan häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň häsiýetnamalary bilen tanyşdy we nyşana ok atdy. Milletiň Lideriniň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary ussatlygynyň ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdigini alamatlandyrdy.
Ok atmagy tamamlap, milli Liderimiz atylan oklaryň nyşana degendigini görkezýän şekili içeri işler ministri M.Çakyýewe gowşurdy. Ministr ony hoşallyk bilen kabul edip, bu maglumatyň ministrligiň muzeýinde möhüm orun eýelejekdigini, şeýle hem onuň ýaşlary uly üstünliklere ruhlandyrýan gymmatlyga öwrüljekdigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň