Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda nakgaş Aman Amangeldiýewiň eserleriniň sergisi guraldy

02:3301.04.2020
0
678

Ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk artisti Aman Amangeldiýewiň eserleriniň sergisi guraldy ― diýip, «Metbugat.gov.tm» «Edebiýat we sungat» gazetinden berlen habara salgylanyp ýazýar.

Sergide öz eserlerinde halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny inçelik bilen suratlandyrýan halypa nakgaşyň dürli ýyllarda döreden «Türkmen amazonkalary», «Soltan Sanjar», «Massaget şazadasy», «Parfiýada Rim serkerdesi Krassyň goşunynyň derbi-dagyn edilmegi», «Daňdanakan söweşi» ýaly uly göwrümli işleri görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň