Soňky habarlar

Arhiw

Lebabyň etrap-şäherlerinde gurjak toparlarynyň bäsleşigi geçirilýär

02:0801.04.2020
0
850

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde yglan eden «Şadyýan gurjaklar» atly gurjak toparlarynyň arasyndaky bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlary üstünlikli geçirildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmek, ýaşlaryň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen guralan bäsleşik 2 tapgyrda geçirildi. Bäsleşige gatnaşan etrapdaky gurjak toparlary türkmen halk döredijiligi esasynda döredilen ertekileri, rowaýatlary, ýurdumyzda çagalar hakynda döredilen ajaýyp mümkinçilikleri, dynç alyş merkezlerini çeper suratlandyrdylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň