Soňky habarlar

Arhiw

«Kökçi» 2 müňden gowrak akkumulýatory Owganystana eksport etdi

02:0401.04.2020
0
1100

Türkmenistanda hususy akkumulýator önümçiligini ýola goýan «Kökçi» hojalyk jemgyýeti şu ýylyň dowamynda 2 müňden gowrak önümi Owganystana eksport etdi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Türkmenabat şäheriniň 2-nji senagat zolagynda ýerleşýän kärhanada 2019-njy ýylda 40 müňden gowrak akkumulýator öndürilip, bu önümler «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanlary bilen alyjylara ýetirildi. Akkumulýatorlar ýeňil awtoulaglara-da, ýokary kuwwatlykly ýük ulaglaryna-da niýetlenendir. Olaryň kuwwaty 60 amperden 190 ampere çenli ýetýär. «Kökçi» hojalyk jemgyýeti önümçilik üçin zerur bolan çig maly ulanyşdan galan akkumulýatorlary gaýtadan işlemek bilen alýar.

2016-njy ýylda esaslandyrylan kärhanada häzirki wagtda 80 hünärmen zähmet çekýär. Kärhanada akkumulýator önümçiliginde Türkiýäniň we Ýaponiýanyň enjamlary peýdalanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň