Soňky habarlar

Arhiw

Jahan Abdyllaýewa: ««Ak Tam Bazary» size ýakymly we bähbitli söwdany wada berýär»

21:2130.03.2020
1
15799

Ýakynda peýda bolandygyna garamazdan, «Ak Tam Bazary» internet programmasynyň onlaýn söwda boýunça hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany ep-esli adama ýetdi. Häzirki wagtda bu programma onlaýn dükanlarynyň 105-sini öz içine alýar. «Turkmenportalyň» habarçysy «Ak Tam bazary» taslamasynyň müdiri Jahan Abdyllaýewa bilen söhbetdeş boldy.
― Jahan Ahmedowna, söhbetdeşligimizi «Ak Tam Bazary» programmasynyň döredilmeginiň maksadyndan başlalyň!
― Ilkinji maksadymyz gurluşyk serişdeleriniň lomaý we bölek söwdasy üçin wirtual bazary emele getirmekden ybaratdy. Onda alyjylar üçin hem, satyjylar üçin mümkinçilikleriň uly toplumy döredildi. Programmanyň aňsat we sada işlemegine, hyzmatlarynyň köpugurly bolmagyna aýratyn üns berildi. Indi «Ak Tam Bazary» öz işini onlaýn giňişlige geçirmek isleýän ähli telekeçiler we kompaniýalar üçin elýeterlidir.
― Programmanyň esasy aýratynlygy nämelerden ybarat?
― «Ak Tam Bazary», biziň ýurdumyzda islendik iş görnüşini onlaýn görnüşe öwrüp biljek işjeň onlaýn platforma diýip bileris.
― Programmadan nädip peýdalanmaly? Olar kimler üçin has peýdaly?
― Programma telekeçiler, esasanam, işe täze başlanlar üçin örän amatly: öz web saýtyňy döretmek we mahabatlandyrmak üçin pul harçlamagyň zerurlygy ýok. Satyjy hökmünde onlaýn söwda platformamyzda aňsatlyk bilen hasaba alnyp, harytlary we hyzmatlary ýükläp boljak sahypaňyzy açyp bilýäňiz. Eýsem, aýratyn web sahypa hem şu mümkinçilikleri berýän bolsa, «Ak Tam Bazary» onuň ornuny tutup biler. Platforma kiçi kärhanalara öz önümleri bilen tanyşdyrmaga kömek eder. Alyjylar bolsa programmanyň üsti bilen sargyt edende birnäçe artykmaçlyga eýe bolýarlar. Olar dürli söwda ugurlarynda harytlaryň we hyzmatlaryň köp görnüşi, üpjün edijiler bilen onlaýn aragatnaşyk mümkinçiligi, bahalary deňeşdirmek, satyn almak üçin töleg, nagt we elektron töleg hem-de beýleki artykmaçlyklar. Onlaýn töläniňizde diňe «Altyn asyr» bank kartyny ulanyp bilersiňiz.
― «Ak Tam Bazary» täze ulanyp başlanlara we heniz ulanmadyklara berjek maslahatlaryňyz?
― Maglumatyň yzygiderli täzelenmegi netijesinde, teklipleriň, mahabatlaryň, arzanladyşlaryň we beýleki ýagdaýlaryň üsti ýetirilip durulýar. Satyjylar üçin tehniki we marketing goldawy, söwda amallary üçin töleg kepilligi we doly kanuny aç-açanlyk üpjün edilýär. Programma müşderi ― satyjy hyzmatdaşlygyny ýakynlaşdyrýar. Biz söwdanyň islendik görnüşi üçin wagt we artykmaç çykdajy sarp etmezligiň iň döwrebap ýollaryny wada berýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Iolanta ( 31.03.2020 )

Молодец Джахан! Очень, очень рада за тебя. Так держать, будь всегда впереди!!!

2