«Amyderýa» ― hytaý kompaniýasynyň iň iri taslamalarynyň biri

20:1630.03.2020
0
14365

Türkmenistan Merkezi Aziýa ― Hytaý gaz geçirijisiniň tebigy gaz üpjünçiligini «mawy ýangyçly» ýataklaryň birnäçesiniň üsti bilen amala aşyrýar. Olaryň arasynda işleri «CNPC International (Türkmenistan)» tarapyndan alnyp barylýan «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägindäki ýataklar hem bar.
Bu energiýa ýoly açylaly bäri, 10 ýylyň dowamynda Amyderýanyň sag kenaryndaky uglewodorod ýataklaryny gözlemek, bahalandyrmak we senagat taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly. köp mukdarda gözleg we buraw işleri geçirildi. Sebitde ýylda 14 milliard kub metr gaz alýan kuwwatly önümçilikleriň ikisi guruldy.
CNPC-niň metbugat merkeziniň habaryna görä, «Bagtyýarlykda» şu wagta çenli 23 gaz ýatagy anyklandy we bu ýerde 125 önümçilik guýusy işleýär. 2019-njy ýylda 14,1 milliard kub metr tebigy gaz öndürildi we 13,1 milliard kub metr gaz Hytaýa iberildi. Umuman alanyňda, geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyryna çenli Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasynyň (CNPC) Amyderýa gaz kompaniýasy 92,9 milliard kub metr gazy eksport etdi we 1,58 million tonna kondensat öndürdi.
2007-nji ýyldan bäri «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde amala aşyrylýan «Amyderýa» taslamasy korporasiýanyň daşary ýurtlardaky iň uly taslamalarynyň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň