Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatdaky muzeýde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagtlaýyn sergi geçiriler

18:3430.03.2020
0
664

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagtlaýyn sergi açylar ― diýlip, «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen bildirişde aýdylýar.

7-nji aprelde belleniljek Bütindünýä saglyk gününe mynasyp derejede seslenmek maksady bilen geçiriljek sergi «Sagdyn durmuş ― bagtyň gözbaşy» diýlip atlandyrylar.

Bildirişde hem ýazylyşy ýaly, wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy 1-nji aprel güni sagat 14-de başlar. Sergi 10-njy aprele çenli dowam eder.

Muzeý mart aýynyň dowamynda Halkara zenanlar gününe we Milli bahar baýramyna bagyşlanan wagtlaýyn sergileri hem gurnady. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň