Soňky habarlar

Arhiw

Sergeý Nemçinow KHL-niň wekilinde işe başlady

13:2127.03.2020
0
5402

Deňizýaka toparyň resmi web saýtynda habar berlişine görä, 56 ýaşly meşhur hokkeý hünärmeni Sergeý Nemçinow «Admiral» hokkeý toparynyň sport direktory wezipesinde işläp başlady.

«Admiral» Yklymara hokkeý ligasynda (KHL) ýaryşýan topar. Hünärmen bu ýerde eýýäm toparyň tälimçiler düzümini döredip başlady.

Öň Sergeý Nemçinowyň Türkmenistan milli hokkeý toparynyň maslahatçysy bolup işländigini, milli ýygyndymyzy şu ýylyň 19 ― 26-njy apreli aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen Dünýä çempionatynyň üçünji dwizionyna taýýarlandygyny ýatladýarys. Ýöne bu ýaryş koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyryldy .    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň