Soňky habarlar

Arhiw

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli iki film surata düşürilýär

13:0327.03.2020
0
2169

2020-nji ýylyň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Parahatçylyk taglymaty» atly filmler döredilýär ― diýip, «Edebiýat we sungat» gazeti habar berýär.

Bu filmlerde Türkmenistanyň Prezidentiniň parahatçylyk, agzybirlik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary syýasatynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara gatnaşyklarynda aýratyn orna mynasyp bolup, onuň wajyplygy barada gürrüň edilýär.

Soňky ýyllarda birleşikde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», «Türkmen tebigatynyň täsinlikleri», «Bedew bady bilen», «Enä tagzym», «Sagdynlygyň belent ruhy», «Ene toprak», «Beýik Ýüpek ýoly», «Nejeboglan» ýaly filmler döredildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň