Täjigistanyň çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda Duşenbäniň «Istiklolynyň» metbugat gullugy toparda çykyş eden daşary ýurtly futbolçylar barada maglumat berdi.
Şol maglumata laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow täjik toparynyň düzüminde futbol oýnan ilkinji ildeşimizdir.
Döredilen gününden bäri russiýaly futbolçylaryň 7-si dürli ýyllarda «Istiklolyň» hatarynda çykyş etdiler. Ikinj orunda bolsa 6 futbolçy bilen Ukraina gelýär. Öňdäki üçlügi 5 futbolçy bilen Özbegistan jemleýär.
Häzir Duşenbe şäheriniň toparynda daşary ýurtly futbolçylaryň dördüsi bar. Olar Alekseý Larin (Ukraina), Marko Miliç (Serbiýa), Wiktor Swežow (Russiýa) we ildeşimiz Wahyt Orazsähedowdyr.
«Istiklol» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» bilen bir toparçada çykyş edýär. Şeýlelikde, Wahyt Orazsähedow yklym ýaryşynyň Merkezi zolagynyň üç wekilinde hem ― «Altyn asyrda», «Dordoýda» we «Istiklolda» çykyş edip, bu ýaryşyň duşuşyklaryna gatnaşan ilkinji futbolçy bolar.