Soňky habarlar

Arhiw

Gubadagdaky ýol gurluşyk kärhanasynda 80 müň kub metre ýakyn önüm öndürildi

13:1725.03.2020
0
1056

Demirgazyk welaýatyň çägindäki obalary birleşdirýän, olary aralap geçýän täze ýollary gurmak, öň­den bar bolan uly ýollaryň durkuny abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak işlerinde Gubadag etrabyndaky ýol gurluşyk önümleri kärhanasynda ýerli önümler barha köp ulanylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Etrabyň gaýra ýüzünde seň­ňerläp oturan Gubadag magdan däl gurluşyk önümlerine baý daglaryň biri hasaplanýar. Dagyň eteginde ýerleşýän bu kärhananyň önümçilik ulgamlarynda öndürilen çagyl, üwelen-ýuwlan daş, asfalt ýaly ýerli önümler gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar.

Ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça ýol gurluşygyna gerekli önümleriň 78,9 müň kub metri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, 160 göterim ösüş gazanyldy. Welaýatyň ýol gurluşyk senagatynyň iri düzüm bölekleriniň biri hasaplanýan kärhanada jemi öndürilen önüm pul mukdarynda 665 müň 100 manatlyga barabar boldy. Kärhananyň ýanynda iki sany asfalt zawody hereket edýär. Şolaryň biri ýokary öndürijilikli kämil enjamlar ornaşdyrylan täze zawoddyr.

Kärhananyň işçi-hünärmenleri ýyly täzeden-täze zähmet üstünliklerine beslemek üçin ýylyň dowamynda döredijilikli zähmet çekmegi maksat edinýärler.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň