Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» şu ýyl 2 müň tonna golaý ösümlik ýagyny öndürdi

12:1225.03.2020
0
1711

Gökdepe etrabynyň çägindäki “Ahal” ösümlik ýag kärhanasynyň işçi, hünärmenleriniň iş depgini barha ýokarlanýar. Munuň şeýledigini kärhanada şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen iş görkezijileri hem aýdyň­lygy bilen subut edýär ― diýip, «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar.

Has takygy, ýanwar-fewral aýlarynda kärhanada ilat arasynda uly islege eýe bolan ösümlik ýagynyň 1924 tonnasy öndürilip, 103,61 göterim ösüş gazanyldy. Degişli döwürde kärhanada öndürilen we göze gelüwli gaplara gaplanan ýokary hilli ösümlik ýagy ýurdumyzyň söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirildi.

Pagta çigidini gaýtadan işleýän we ondan ýokumly ýag öndürýän kärhanada şol döwürde sarunyň, harpygyň hem ençeme tonnasy alyndy.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň