Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5423.03.2020
0
9297

23-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda şähergurluşygy boýunça özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäheri bagy-bossanlyga büremek, onuň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygyny yzygiderli dowam etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şäherde arassaçylygy saklamak, ähli desgalaryň, tehniki serişdeleriň degişli ulanyş derejesini üpjün etmek, elektrik we beýleki ulgamlaryň bökdençsiz işini ýola goýmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Gurluşyk işleri bellenen tertibe laýyklykda alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyklara görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly binalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň üýtgewsiz talap bolup durýandygyny belläp, şäher düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda, şol sanda täze desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dünýäniň ösen tejribeleriniň ýerlikli ulanylmagynyň wajypdygyny aýtdy.

Şonuň bilen birlikde, hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ekologiýa derejesini has-da gowulandyrmak, ýol ýakalaryna bezeg agaçlaryny ekmek, seýilgäh zolaklarynyň çägini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sanly wideoaragatnaşyga çagyryldy. Häkim milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýaz-meýdan işlerine, şol sanda gowaçanyň ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylynyň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, ak ekinlere edilýän ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda alnyp barylýar.

Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň netijeleri hem-de welaýatyň ähli çäklerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi. Şeýle hem medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny, şolarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini gazanmak, şanly seneler mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryny degişli derejede geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaz ekişini guramaçylykly, bellenilen möhletinde we ýokary derejede geçirmegiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz ähli oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeginiň zerurdygyny belläp, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş gazanmak we degişli agrotehniki çäreleri netijeli alyp barmak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük bugdaý ekilen meýdanlaryň mineral dökünler bilen üpjünçiligini, ösüş suwuny tutmak işlerini möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl bol galla hasylyny almak üçin zyýan berijilere we haşal otlara garşy göreşmek babatda degişli çäreler ýokary derejede alnyp barylmalydyr.

Milli Liderimiz köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ýazky möwsümi guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belläp, onuň bellenilen möhletde geçirilmegi hem-de ekilen baglara zerur idegiň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna — Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guraljak köpçülikleýin çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Soňra milli Liderimiz göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek, ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny we degişli serişdeleri möhüm oba hojalyk möwsümine taýýarlamak işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň netijeleri we aprel aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyklara taýýarlyk hakynda maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerleri ýaz ekişine taýýarlamagyň derejesiniň geljekde bol hasyl alynmagyna oňyn täsiriniň bardygyny belledi hem-de tehnikalaryň göwnejaý derejede taýýarlanylmagynyň üpjün edilmelidigini we möhüm oba hojalyk möwsümine guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň öz wagtynda çözülmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Ak ekinlere degişli derejedäki idegiň wajypdygyna, ýerleriň suwaryş suwy bilen üpjünçiliginiň we mineral dökünler arkaly iýmitlendirmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlara, zyýan berijilere garşy göreşmek maksady bilen, degişli çäreler amala aşyrylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ekerançylygyň häzirki zaman, täzeçil tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmalydygyny aýtdy.

Dürli gök önümleri, şol sanda bakja ekinlerini, ýeralmany ösdürip ýetişdirmek möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe anyk görkezmeler berildi. Şeýle hem milli Liderimiz köpçülikleýin bag ekmek boýunça ýazky möwsümi gysga möhletde tamamlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň taýýarlyk derejesi bilen gyzyklanyp, göz öňünde tutulan ähli sport we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow oba hojalyk işleriniň barşy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa edilýän agrotehniki ideg işleri hakynda-da maglumat berildi. Şeýle hem welaýatda öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly çäreler hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hil derejesinde we bellenilen möhletinde geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, ak ekinli meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki çärelere, oba hojalyk tehnikalaryny, ýerleri gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlamak işlerine möhüm ähmiýet berildi.

Şeýle hem gök we bakja ekinlerini, ýeralmany ekmek meselelerini gözegçilikde saklamak möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we bu babatda häkime görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin bag ekmek işleri barada aýdyp, bu çäräniň gysga möhletde tamamlanmagy hem-de bar bolan gök zolaklaryň ideg işleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz aprel aýynda Bütindünýä saglyk güni hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli giň gerimli sport we medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilleşdirilendigini belläp, dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, atçylyk sport toplumlarynyň we stadionlaryň, şeýle hem ýol-ulag düzümleriniň ulanyş derejesini gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeler berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekiş möwsüminiň öňüsyrasynda ýerine ýetirilýän taýýarlyk çäreleriniň derejesi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, güýzlük bugdaý mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, ösüş suwy tutulýar, şeýle hem haşal otlara we zyýan berijilere garşy ähli zerur çäreler görülýär.

Häkim köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijeleri, şeýle hem aprel aýynda boljak baýramçylyklara bagyşlanan giň gerimli sport we medeni – köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gymmatly oba hojalyk ekini hasaplanylýan gowaça ekişiniň ähmiýetini belledi hem-de bu möwsümiň bellenilen möhletde we agrotehniki kadalara laýyk derejede ýokary hilli geçirilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň, zerur serişdeler, ýörite tehnikalar bilen üpjünçiligine ähmiýet bermegiň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, güýzlük bugdaýyň ýokary hilli idegi, gök, bakja, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bag nahallaryny ekmek boýunça ýazky möwsümiň öz wagtynda tamamlanmalydygy barada aýdyp, bu işleriň türkmen tebigatyny has-da baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralar barada aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan oba hojalyk işleri we beýleki ugurlarda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler, gowaçanyň, gök we bakja ekinleriniň ekişine, şeýle hem ýaz-meýdan işlerine ýerleri, degişli tehnikalary we enjamlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen giň gerimli çäreler barada-da habar berildi. Mundan başga-da, häkim milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň geçirilişini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şu günlerki ideg işleriniň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmegi geljekki bol hasylyň kepili bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, haşal otlaryň we ekinlere zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli çäreleri guramak, ösüş suwuny öz wagtynda tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir.

Milli Liderimiz oba hojalygynda möhüm möwsüm hasaplanylýan gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamagyň, zerur serişdeler bilen doly möçberde üpjün etmegiň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň möhüm şertidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça ýazky möwsümi bellenilen möhletde tamamlamak we ozal bar bolan agaçlara degişli derejede ideg etmek meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz aprel aýynda boljak baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýeti barada aýdyp, ähli meýilleşdirilen sport we medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we depgini barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişine, bugdaýa, ýeralma hem-de beýleki irki oba hojalyk ekinlerine edilýän ideg işlerine, gök-bakja ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem ýazky gowaça ekişi möwsümine tohumlyk serişdeleriň we beýleki zerur enjamlaryň taýýarlygy barada habar berildi.

Şeýle-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek boýunça geçirilen ählihalk dabarasynyň netijeleri hem-de şu möwsümde bag nahallarynyň ekişini bellenilen möhletde tamamlamak ugrunda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy hasaplanylýan obasenagat toplumynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň bar bolan ähli kuwwatlyklaryny we mümkinçiliklerini doly herekete girizmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şu günler ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek boýunça işleriň degişli derejede ýola goýulmaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýa we beýleki oba hojalyk ekinlerine zyýan berijileriň, haşal otlaryň ýüze çykmagynyň öňüni alyş çäreleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belläp, ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň depgininiň pesdigini, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamakda birnäçe säwliklere ýol berilýändigini aýtdy. Umuman, obasenagat toplumyndaky işler degişli derejede alnyp barylmaýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, meýdan işlerini geçirmekde agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi, degişli gulluklaryň we düzümleriň özara sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bag ekmek dabarasy barada aýdyp, daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesillere ýetirmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlerine ýüzlenip, olaryň öňünde durýan birnäçe wajyp wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz oba hojalyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, gowaça ekişini ýokary derejede we üstünlikli geçirmek, ähli tehnikalary möwsüme doly taýýarlamak üçin zerur şertleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz şu günler meýilleşdirilen ähli agrotehniki çäreleriň bildirilýän talaplara doly laýyk derejede guralmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belläp, ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerine degişli derejedäki idegiň ýola goýulmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ekilen bag nahallarynyň ösüşiniň aýratyn gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda paýtagtymyzda we welaýatlarda eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulýan ähli çäreleriň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna we talaplaryna laýyk bolmalydygyna ünsi çekip, bu babatda öňde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin hemme zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň