Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün Türkmenistanda 1 million 600 müň düýpden gowrak bag ekildi

22:0721.03.2020
0
5649

Milli bahar baýramy mynasybetli şu gün ― 21-nji martda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde we Aşgabat şäherinde köpçülikleýin bag ekmek çäreleri geçirildi ― diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bag ekmek bilen bagly Ahal welaýatyndaky merkezi çäreler Bereketli zaman şäherçesiniň ýakynyndaky meýdançada, Balkan welaýatyndaky çäreler Uly Balkan dagyny kemerläp oturan Saglyk ýolunyň ýakasynda, demirgazyk sebitdäki çäreler Daşoguz ― Garagum ― Aşgabat gara ýolunyň ugrunda, Lebapdaky çäreler Amyderýanyň kenaryndaky Saglyk ýolunyň ýakynynda, Marydaky çäreler Mary etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginde, Aşgabatda bolsa «Parahat ― 7» ýaşaýyş toplumynyň golaýyndaky meýdançada geçirildi.
Şu gezekki çärelere şu gün durmuş gurýan ýaş çatynjalaryň hem köp sanlysy gatnaşdy. Umuman, diňe 21-nji martda ekilen baglaryň umumy sany 1 million 604 müňden gowrak boldy. Bu bolsa geçen ýyldakydan 45 göterim kän diýmekdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň