Top.Mail.Ru

«Türkmenhowaýollary» agentligi «Mi-17-1W» we «ANSAT» kysymly tiz kömek dikuçarlary satyn alnar

23:3020.03.2020
0
12162

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen lukmançylyk maksatly dikuçarlary satyn almak üçin şertnama baglaşmga ygtyýar berildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde (20.03.2020) habar berlişi ýaly, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gol çekilen resminamada, «Mi-17-1W» we «ANSAT» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçarlaryny, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak, şeýle-de hünärmenleri okatmak we dikuçary Türkmenistana getirmek şerti bellenilýär.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň