Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi açyldy

12:5120.03.2020
0
7101

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi gurnaldy ― diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Sergi kitap we neşir önümleriniň beýleki görnüşlerini, haly we halyçylyk eserlerini hem-de ýurdumyzyň çeperçilik sungatynyň görnükli wekilleriniň işlerini öz içine alýar. Bu serginiň üsti bilen Nowruz baýramynyň taryhyna we onuň türkmen durmuşyndaky ornuna we ähmiýetine ýene bir ýola göz ýetirmek mümkindir.

Sergide muzeýiň öz gaznasyndaky gymmatlyklara hem uly orun berlipdir. Eksponatlaryň arasynda saz gurallary, şeýle hem mata önümleriniň dürli görnüşleri ― horjunlar, keşdeli eşikler we şallar bar. Kümüşden ýasalan şaý-sepler bolsa bu ýerdäki gözellikleriň üstüni ýetirýär.

Sergi brir hepdäniň dowamynda işlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň