Berdimuhamedow: «Elektron neşirler adamlaryň saglygy üçin hem peýdaly»

20:0319.03.2020
0
15269

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji martda geçirilen iş maslahatynda sanly ulgama geçmegiň häzirki döwürde bütin dünýäniň barýan ugry bolup durýandygyny, onuň biziň gündelik durmuşymyza we işimize ornaşýandygyny, kommunikasiýa mümkinçiliklerini giňeldýändigini we mundan beýläk hem biziň öňümizde bu işleriň diňe tizleşmeginiň garaşýandygyny nygtady ― diýip, TDH ýazýar.

Şeýle düýpli özgertmeler bilen baglylykda, täze pudaklar, bazarlar, dolandyryş nusgalary peýda bolýar. Elbetde, bu işlerde ýurdumyzyň mynasyp orny eýelemegine biz möhüm ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, maglumatlary geçirmegiň üpjünçilik ulgamyny, umuman, aragatnaşygyň üpjünçilik ulgamyny ösdürmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgama geçilmegine has möhüm ähmiýet berilmeginiň ýene-de bir sebäbine ünsi çekdi. Bu bolsa dünýäde ýaýran ýiti ýokanç keseli bilen baglydyr. Çünki islendik metbugat neşiri arkaly hem mikroblar geçip bilýär. Bu ýagdaýlaryň adamlaryň köp ýygnanan ýerinde ýüze çykyp bilmek howpunyň bardygy sebäpli, uzak aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna mümkin boldugyça tiz geçilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň