20-nji martda «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň esasy meýdanynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynyň çägindäki «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygy geçiriler.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň hasabynda häzirlikçe 1 utuk bar. Topar häzir ýaryş tertibiniň ýedinji ornunda. Ýakynda Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan dolanan topar çempionata diňe 3-nji tapgyrda girişip bildi. «Merw» bolsa iki duşuşykda toplan 3 utugy bilen ýaryşyň dördünji basgançagynda ýerleşýär.
2020-nji ýylyň 20-nji marty
«Altyn asyr» — «Merw»
Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat).
Başlanýan wagty: 16:30.
Emin: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat).
Kömekçileri: Şageldi Hydyrow, Ezizmyrat Annamyradow (ikisi hem Balkanabat).
Ätiýaçdaky emin: Resul Mämmedow (Aşgabat).
Gözegçi emin: Raşid Pälwanow (Daşoguz).