Soňky habarlar

Arhiw

«Nur» haryt nyşany bilen indi kädiden we behiden taýýarlanylýan jemler hem öndürilýär

11:5418.03.2020
0
5226

Hususy pudagyň Aşgabatda geçirilen sergisinde obahojalyk toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we ilatyň dürli ekologiýa taýdan arassa iýmit we witamin önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän täze önümler hem hödürlenildi. Täze, döwrebap tehnologiýalar bilen öndürilen bu önümleri sergä gatnaşyjylar dadyp hem gördüler.
«Owadan ülke» kärhanasynda öndürilen «Nur» haryt nyşanly önümleriň arasynda kädiden we behiden taýýarlanan jemler, pomidor pastasy we duzlanan sarymsak hem peýda boldy ― diýip, Türkmenistan Döwlet habar gullugy habar berdi.
«Nur» haryt nyşanyny bilen köp görnüşli ketçuplaryň we maýonezleriň öndürilýändigini biz eýýäm bilýäris. Önümçilik Ýewropadan getirilen iň täze enjamlarda ýola goýlandyr. Olar döwlet standartlaryna doly laýyk gelýär we ähli zerur şahadatnamalara eýe.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň