«Nebitçi» bilen «Merw» Balkan hem-de Mary derbilerinde güýçli garşydaşlaryndan üstün çykdylar

22:5211.03.2020
0
6556

Balkanabatda we Baýramalyda geçirilen iki duşuşyk bilen Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda 2-nji tapgyra badalga berildi.

Baýramalydaky Mary derbisinde «Merw» «Energetigi» kabul etdi. Duşuşykda geçen möwsümde şowsuz çykyş eden «Merw» janköýerlerini begendirip, güýçli garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Ýeňiş pökgüsini 32-nji minutda Döwlet Baýramow geçirdi. Şeýlelikde, «Merw» täze möwsüme ýeňiş bilen başlady.

Balkanabat şäherindäki «Sport toplumynda» geçirilen Balkan derbisinde ýerli «Nebitçi» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul etdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 76-njy minutda 37 ýaşly tejribeli hüjümçi Mämmedaly Karadanow geçirdi. Şeýlelikde, 1-nji tapgyrda «Ahaldan» 0:2 hasabynda ýeňlen «Nebitçi» täze möwsümdäki ilkinji utuklaryny gazandy.

2-nji tapgyryň duşuşyklary 12-nji martda geçiriljek «Aşgabat» ― «Köpetdag» duşuşygy bilen dowam eder. 1-nji tapgyrda bu toparlaryň ikisi hem 1 utuk gazanypdy. Duşuşyk «Aşgabat» stadionynda geçiriler.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan habar berlişi ýaly, 2-nji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Ahal» duşuşygy 24-nji aprelde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň