Soňky habarlar

Arhiw

FIFA Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça saýlama duşuşyklarynyň geçiriljek wagtyny soňa süýşürdi

18:2809.03.2020
0
6352

Şu gün FIFA Dünýä çempionaty ― 2022-niň Aziýa boýunça saýlama duşuşyklarynyň geçiriljek wagtyny üýtgetmek baradaky karara geldi.

AFK bilen hem maslahatlaşan FIFA 23 ― 31-nji mart aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen saýlama duşuşyklaryny 1 ― 9-njy iýun günlerine geçirdi. Şeýlelikde, mart aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen 50-den gowrak duşuşyk iýun aýynda oýnalar.

Dünýä çempionaty ― 2022 bilen Aziýa kubogy ― 2023-iň bilelikde geçirilýän saýlama ýaryşyna Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hem gatnaşýandygyny ýatladýarys. Häzir milli ýygyndymyz 9 utuk bilen «H» toparçada birinji orny eýeleýär. Biziň topardaşlarymyz bolsa Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň, KHDR-nyň we Şri-Lankanyň ýygyndylarydyr. Ozalky meýilnama görä, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 26-njy martda myhmançylykda Koreýa Respublikasy bilen duşuşmalydy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň