Soňky habarlar

Arhiw

Köp çagaly eneleriň 258-sine «Ene mähri» diýen hormatly adyň gowşurylyş dabarasy boldy

21:0707.03.2020
0
7107

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 258-sine «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Bu ýerde guralan dabara Mejlisiň başlygy, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar ― diýip, TDH habar berýär.

Dabarada hormatly atlara mynasyp bolan eneler döwlet Baştutanyna çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň