Şu gün Türkmenistanyň 28-nji futbol çempionatyna badalga berilýär

11:4806.03.2020
0
7818

Şu gün Aşgabadyň «Köpetdagy» bilen Marynyň «Energetigiň» arasynda boljak duşuşyk Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň badalgasy bolar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ertir ýurdumyzyň wise-çempiony «Ahal» paýtagtdaky «Aşgabat» stadionynda «Nebitçini», «Şagadam» bolsa kenarýaka şäherde «Aşgabady» kabul eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasyndan berlen habara görä, birinji tapgyrdaky «Altyn asyr» ― «Merw» duşuşygy 20-nji marta geçirildi.

Milli çempionatyň duşuşyklary dört aýlawdan ybarat bolar. Onda sekiz topar çempionlyk üçin ýaryşar. 6-njy martdan 12-nji iýuna çenli dowam etjek birinji we ikinji aýlawlarda 56 duşuşyk geçiriler.

Şu ýylky çempionyň 2021-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşjakdygyny ýene bir gezek ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň