Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen bagşysy Batyr Öräýew Garwardda çykyş eder

10:5403.03.2020
0
6923

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň bir abraýly ýokary okuw mekdepleriniň birinde türkmen owazy ýaňlanar. Dutar bagşysy hökmünde tanalýan Batyr Ödäýew Garward uniwersitetinde geçiriljek «Merkezi Aziýanyň sungatynda döredijilik we innowasiýa» atly maslahatda çykyş eder.

Şu ýylyň 12-13-nji martynda geçiriljek maslahata ABŞ-nyň uniwersitetlerinden sungat öwrenijiler gatnaşarlar. Bu ýerde Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň milli sungaty barada çykyşlar diňleniler.

Maslahat dutar bagşysy Batyr Ödäýewiň konserti bilen has-da şowhunly bolar. Türkmen dutarynyň jadyly owazlary yklymlary aşyp, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň wekilleri hem özüne bendi eder.

Jemgyýetçilik torlarynda dutarbagşy hökmünde tanalýan Batyryň bu konserti hemmeleriň ünsüni çekdi. Batyr özüniň jemgyýetçilik torundkay hasabyndan dutaryň jadyly owazyny söýýänleri 13-nji martda geçiriljek konserte çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň