Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýurduň sebitlerinde 84 desganyň açylyş dabarasy bolar

23:5602.03.2020
0
6922

Şu ýyl Türkmenistanyň sebitlerinde täze binalaryň 84-si açylyp, ulanylmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2-nji martda geçirilen iş maslahatynda aýdyldy.

Şol binalaryň 16-sy Ahal welaýatynda açylyp, ulanylmaga berler. Olaryň hatarynda jemi 4 müň 240 orunlyk mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk bir hassahana, 200 orunlyk şypahana hem-de önümçilik bilen baglanyşykly desgalaryň 8-si bar. Şol desgalaryň hatarynda çeper halyçylyk kärhanasy, kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metre barabar bolan agyz suwuny arassalaýjy desga, ýylda 150 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumy, ýylda 720 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk toplumy, ýylda 80 tonna ýüplük öndürýän fabrik, demirbeton önümlerini öndürýän kärhana we beýlekiler bar.

Balkan welaýatynda açyljak dört binanyň hatarynda 3 müň orunlyk metjit, 50 orunlyk hassahana hem-de saglyk öýi, gök we miwe önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhana, ýylda 5 müň tonna gurluşyk garyndy serişdeleri öndürýän kärhana hem-de beýleki desgalar bar.

Daşoguz welaýatynda önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň 13-siniň gurluşygy dowam edip, şolary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlap, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda çeper halyçylyk kärhanasy, maldarçylyk toplumy, 600 orunlyk orta mekdep, 240 orunlyk çagalar bagy, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 9-sy bar.

Lebap welaýatynda 11 desganyň şu ýyl açylmagyna garaşylýar. Hususan-da, welaýatda 600 orunlyk bir mekdebi, 232 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumlarynyň 6-syny hem-de çeper halyçylyk kärhanasyny, «Malaý» gaz ýatagynda kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desgany, alýuminden aýna we gapy öndürýän kärhanany, keramiki bezeg hem-de beýleki önümleri öndürýän kärhanany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynda 12 desga ulanylmaga berler. Welaýatda jemi 820 orunlyk mekdepleriň 2-sini, saglyk öýleriniň 2-sini, önümçilik maksatly desgalaryň 4-sini, şol sanda çeper halyçylyk kärhanasyny, ýylda 500 tonna süýt, 100 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumyny, ýylda 1200 tonna gök we bakja önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanany, ýylda 3000 tonna uglerod öndürýän zawody ulanmaga bermek maksat edinilýär. Şunuň bilen birlikde, ýaşaýyş jaýlarynyň 4-sini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň