Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gurluşyk serişdeleriniň internet dükany döredildi

20:2429.02.2020
0
33367

Türkmenistanda «Ak Tam Bazary» atly köpugurly söwda platformasy işläp başlady. Ol ýokary hilli we ygtybarly gurluşyk önümlerini onlaýn usulda satmak üçin niýetlenendir.

Bu innowasion taslama Türkmenistanyň gurluşyk önümleri senagatynda 17 ýyldan bäri üstünlikli işläp gelýän «Ak Tam» kompaniýasy tarapyndan döredildi.

«Ak Tam Bazary» söwda platformasy müşderilere dürli önümleri hödürleýär. Indi gurluşyk bazaryndan özüňize gerekli önümi gözläp, wagt ýitirmek hökman däl.  Täze taslama bilen gurluşyk serişdeleriniň öýüňize çenli gelmegini gazanyp bolýar. Munuň üçin olary www.aktam.com.tm saýtyndan sargamak ýeterlikdir.

Ulanyjylar saýtda zerur önümleri aňsatlyk bilen tapyp bolýandygyna haýran galarlar. Munuň üçin gerekli harytlaryňyzy sebede atmak ýeterlikdir. Bu ýerde size amatly teklipleriň hem birnäçesi garaşýar. Bu teklipler has köp müşderini özüne çekmek üçin taýýarlanyldy. Söwda platformasyndan gurluşyk kompaniýalary üçin hem, şahsy taraplar üçin hem sargyt etmek mümkindir.

«Ak Tam Bazary» platformasynda önümiň ýa-da hyzmatyň sahypalaryny maglumatlar ilen doldurmaga üns berildi. Degişli QR kod size gerekli önüm barada has köp maglumat almaga ýardam berer.

«Ak Tam Bazary» «Altyn asyr» milli töleg kartlary bilen söwda etmäge döredýän mümkinçilikleri bilen eýýäm uly meşhurlyk gazandy. Platforma gurluşyk dükanlarynyň eýýäm 35-den gowragyny özünde birleşdirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň