300 gektara ýeralma ekýän «Tebigy ekin» ilkinji gezek üzüm nahallaryny hem synag edýär

10:5625.02.2020
0
2815

«Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň hünärmenleri welaýatda ilkinjileriň hatarynda ýeralma ekmäge girişdiler. Hojalykda şu ýyl 300 gektar meýdanda bu ekini ýetişdirmek göz öňünde tutulýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Onuň üçin ýeterlik mukdarda tohumlyk ýeralma taýýarlanypdyr. Olar tohum taşlanan meýdanyň her gektaryndan 20 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.

Bu daýhan hojalygynyň döredilenine bir ýyl töweregi wagt geçdi. Geçen ýyl olar 184 gektar meýdana ýeralma ekip, ondan göz öňünde tutulan 2 müň 576 tonna derek, 2 müň 878 tonna hasyl aldylar. Şeýle hem pomidor, hyýar, badamjan, käşir, şugundyr, gawun, garpyz ýaly medeni ekinlerden hem bol hasyl aldylar we söwda nokatlaryna iberdiler.

Şu ýyl hojalykda üzüm agaçlaryny oturtmaga hem girişildi. Munuň üçin 9 gektar ýer bölünip berildi we oňa 12 müň düýp nahal oturtmak göz öňünde tutulýar. Gerekli mukdardaky üzüm nahallary bolsa wagtynda taýýar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň