Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 2020 ― 2023-nji ýyllar aralygynda gurulmaly desgalar tassyklanyldy

23:5520.02.2020
0
11708

20-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmensement» döwlet kärhanasynyň Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň kuwwatlylygyny her ýylda 1 million tonna ýetirmek maksady bilen, olaryň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy meýilleşdirildi.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän kärhanany, Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany, Daşoguz şäherinde dürli görnüşli keramiki gap-gaçlary öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylda 150 müň tonna kuwwaty bolan armatura öndürýän goşmaça önümçilik desgasynyň gurluşygy meýilleşdirildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de wise-premýere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli senagat we önümçilik desgalarynyň 2020 — 2023-nji ýyllarda gurulmagyny üpjün etmek, şolary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin halkara bäsleşiklerini geçirmek hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň