Arhiw

Hökümet mejlisi: täze ministrlik ýyla zähmet ýeňişleri bilen girişdi

14:0815.02.2020
0
629

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,3 göterime, ösüş depgini bolsa 108,2 göterime deň boldy. Bu barada wise-premýer Ş.Durdulyýew 14-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Şeýle hem degişli döwürde demirbeton we aýna önümçiliginde degişlilikde 105,5 göterim we 100,5 göterim, keramzit önümçiliginde bolsa 100,1 göterim ösüş gazanyldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ― Türkmenistanda täze döredilen ministrlikdir. Döwlet Baştutany bu ugurlary başga ministrlikleriň düzüminden aýryp, täze bir pudagy emele getirdi. Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine Serdar Berdimuhamedow bellenildi.

Ýurduň senagat edaralaryny we gurluşyk önümçiligi bilen meşgullanýan ministrligiň öňünde goýlan esasy maksat önümçiligiň gerimini giňeldip, ilkinji nobatda içerki zerurlyklary üpjün etmekden, soňra önümleri eksporta gönükdirmekden ybaratdyr. Ýokardaky maglumatlardan hem görnüşi ýaly, göz öňünde tutulýan ugurlar boýunça ýylyň ilkinji aýynda guwandyryjy netijeler gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň