Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen-rus operalary ýaňlandy

14:1510.02.2020
0
7297

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Russiýa Federasiýasynyň döwlet akademiki «Mariinskiý teatrynyň» opera aýdymçysy Swetlana Omelçugyň konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň, şeýle-de «Rossotrudniçestwo» federal agentliginiň bilelikde guran bu döredijilik agşamyna Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Wladimir Mkrtumow pianinoda sazandarlyk etdi. 

Konsertiň birinji bölümi rus kompozitorlary Korsakowyň «Bakyşyň asman ýaly», Dargomyžskiniň «Lauranyň aýdymy», Şostakowiçiň «Ýyldyzjyklar», Berezowskiniň «Gije», Desýatnikowyň «Gadymy romans» ýaly eserlerine bagyşlandy. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “turkmenteatrlary.gov.tm” resmi web saýtynyň ýazmagyna görä, konsertiň ikinji bölüminde bolsa Ýewropanyň ägirtleri Rossininiň «Izabellanyň ariýasy», Wiwaldiniň «Adjitata», Gunonyň «Zibeliň romansy», Gendel Admetiň «Dignare» eserleri, şeýle-de «Karmen» operasyndan ariýalar ýaňlandy. 

Mezzo-soprano owazly Swetlana Omelçuk 2012-nji ýyldan bäri birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň