Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Wezirgeldi Ylýasow Özbegistanyň «Kyzylkumyna» goşuldy

09:2905.02.2020
0
8600

Türkmenistanly ýarym goragçy Wezirgeldi Ylýasow erkin agent hökmünde «Ahaldan» «Kyzylkuma» geçdi. Bu barada «Turkmenportal» özbek toparynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

28 ýaşly ýarym goragçy Wezirgeldi Ylýasow 1992-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde doguldy. Ol profesional futbol karýerasyna «Ýedigen» toparynda başlap, soňra «Ahalda» dowam etdirdi. Wezirgeldi Ylýasow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 10 duşuşyk geçirdi. Şol sanda BAE-de geçirilen Aziýa kubogy ― 2019-a hem gatnaşdy.

«Kyzylkum» Özbegistanyň Nawoýi welaýatynyň Zarafşan şäherine degişli klubdyr. Ol 2000-nji ýyldan bäri Özbegistanyň Superligasynda arakesmesiz çykyş edip gelýär. Topar çempionatyň geçen ýylky möwsüminde 14 klubyň arasynda 13-nji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň