Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň otlularynda WI-FI mediaserweri işläp başlady

16:5902.02.2020
1
73366

«Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň otlularynda VIP wagonlaryň işiniň ýola goýlandygyny habar beripdik. Bu wagonlaryň mümkinçilikleri agşamlyk nahary we käbir hyzmatlar bilen çäklenmeýär.

Agentlik VIP wagonlarynda WI-Fi mediaserweriniň hem işini ýola goýdy. Häzir bu serwerde 200-den gowrak film bar. Ýolagçy islegine görä film saýlap, wagtyny hoşal geçirip biler. Filme tomaşa etmek bilen bir hatarda bu hyzmatyň üsti bilen ýolagçylar aýdymdyr-saz hem diňläp bilerler.

Ýeri gelende, «Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan şeýle Wi-Fi serwerleriniň ýakyn geljekde otlularyň beýleki wagonlary üçin hem elýeterli ediljekdigini habar berýäris. Agentlik şu hyzmatlaryň ählisini petegiň umumy bahasynyň içinde mugt hödürleýär. VIP wagonyň bir ugur üçin peteginiň bahasy 100 manatdan hem arzandyr.

VIP wagonlary 1-nji fewralda hyzmat edip başlady. Olar üçin petekleri agentligiň resmi saýtyndan onlaýn görnüşinde satyn alyp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Artem ( 03.02.2020 )

Сейчас в Дашогуз ком велаяте многие уже предпочитают поезд удобно дёшево и можно сидя дома на диване купить билет на поезд и самое главное время ухода поезда в 8 часов и прибытие в Ашгабад в 8 утра идеальное время для всего работы встреч, вечером садишься в vip кофе интернет горячий ужин тапочки халат и один фильм на ночь и сон как дома качающем поезде Мечта а не поезд советую вам тоже

13