3x3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Hindistanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

16:5702.02.2020
0
3867

Türkmenistanyň basketbolyň 3x3 görnüşi boýunça zenanlar ýygyndysy 18 ― 22-nji mart aralygynda Hindistanyň Bangalor şäherinde geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar. Bu ýaryş Olimpiýa oýunlarynyň esasy saýlama tapgyrlarynyň biridir. Hut, şu şäherde 2017-nji we 2019-njy ýyllarda basketbol boýunça zenanlaryň arasyndaky Aziýa çempionatlarynyň hem geçirilendigini ýatladýarys.

«Hindistan bu halkara ýaryşy geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görýär. Ýaryşda milli ýygyndylar Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak üçin  göreşer» diýip, ORIENT habar berýär.

Halkara Basketbol federasiýasy (FIBA) tarapyndan geçiriljek ýaryşda 40 ýygyndynyň bolmagyna garaşylýar. Olaryň deň ýarysy erkekleriň, deň ýarysy zenanlaryň ýygyndylarydyr. Soňky ýyllarda tejribesini barha baýlaşdyrýan Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy hem bu ýerde Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak üçin göreşer. «B» toparçada çykyş etjek ildeşlerimiz deslapky tapgyra çykmak üçin Ýaponiýanyň, Eýranyň, Awstraliýanyň we Ukrainanyň ýygyndylary bilen ýaryşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň