«Türkmengaz» TOPH taslamasy üçin malaýziýanyň kompaniýasynda gurluşyk serişdelerini satyn alar

22:5731.01.2020
0
6747

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 31-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginde ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanynyň garamagyna bu halkara gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän bölegi üçin dürli serişdeleri we enjamlary satyn almak baradaky kararyň taslamasy hödürlenildi. Bular barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, sebitiň döwletleriniň durnukly ösüşine kuwwatly itergi berjek TOPH taslamasynyň ykdysady we durmuş ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça gurluşygy amala aşyrylýan bu gaz geçirijisiniň milli energetika syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädime öwrüljekdigini hem-de ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna köpugurly esasda eksport etmekde möhüm ähmiýetini belledi. Umumy ykrar edilen, şol sanda abraýly halkara bilermenleri tarapyndan kesgitlenen türkmen topragyndaky «mawy ýangyjyň» ägirt uly gorlary ýurdumyza dünýäde uly isleg bildirilýän tebigy gazy uzak möhletleýin esasda ugratmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak hem-de gurnamak işlerini amala aşyrmak hakynda” Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň çägindäki böleginiň gurluşygy üçin dürli serişdeleri we enjamlary satyn almak, şeýle hem telemehanika we dolandyryş, aragatnaşyk “SCADA” ulgamynyň hem-de gaz ölçeýji bekediň toplumyny getirmek we gurnamak barada Malaýziýanyň «Serba Dinamik Sdn. Bhd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Işlere 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we desgalary 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň