Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:5528.01.2020
0
4636

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykyp, geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasat durmuşynyň möhüm wakalaryna berilýän synlary özünde jemleýär. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde eden çykyşy bilen žurnalyň bu sany açylýar.

Şeýle hem neşirde milletiň Lideriniň 21-23-nji oktýabrda Ýaponiýa bolan iş sapary; Türkmenistanyň Prezidentiniň Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň 25-nji oktýabrda Bakuda geçirilen XVIII sammitine gatnaşmagy; Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi saparda bolan Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikler; milletiň Lideriniň 6-7-nji noýabrda Italiýa Respublikasyna bolan resmi sapary; döwlet Baştutanynyň Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasyna bolan iş sapary, şeýle hem GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna bolan iş sapary we beýleki iri wakalar dogrusyndaky makalalar bar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny biri bolup durýan halkara medeni we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýurdumyzyň gazanýan ajaýyp üstünlikleri GDA ýurtlaryň Ykdysady ösüşiniň Işewürler merkeziniň syýahatçylyk baradaky komitetiniň wekili hanym A.Pawlowanyň makalasynyň mazmunyny düzdi.

BMG-nyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň baştutany hanym Kristina Weýgandyň interwýusynda ýurdumyzyň 2018-2022-nji ýyllarda UNICEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy bilen baglylykda netijeli gatnaşyklar, gazanylan üstünlikler we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada gürrüň berilýär.

Okyjynyň dykgatyna hödürlenilýän degişli makalalaryň hatarynda kazyýet önümçiliginiň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk kämilleşdirilmegi, şunda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy baradaky makalalar bar.

Beýleki bir makala Türkmenistanyň 2017-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli aralykdaky döwürde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyk etmegi bilen baglylykda, Merkezi Aziýada ekologiýa hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr.

Žurnalda şeýle hem ýurdumyzyň “ýaşyl ykdysadyýete” maksada laýyk geçmegine, konstitusion özgertmeleriň geçirilişine hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilişine, Hazarda üstaşyr-ulag mümkinçiliginiň amala aşyrylyşyna bagyşlanan makalalar çap edilýär.

Žurnalyň nobatdaky sanyny “Diplomatiki durmuşyň wakalary” diýen däp bolan bölüm tamamlaýar. Onda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçen ýylyň dördünji çärýeginde geçirilen daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köpsanly geňeşmeler, daşary döwletleriň wekiliýetleri bilen bolan gepleşikler, hökümetara toparlarynyň mejlisleri, halkara we sebitleýin forumlar beýan edilýär.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” diýen žurnal Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň