Soňky habarlar

Arhiw

Billie Eilish-iň Gremmi heýkeljikleriniň 5-sine mynasyp boldy

11:4827.01.2020
0
1973

Aýdym-saz dünýäsiniň iň abraýly sylagy hasaplanýan Gremmi baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi. Los Anjelesdäki “Staples Centre” arenada geçirilen 62-nji Gremmi baýraklarynda esasy ugurlarda Billie Eilish ýeňiji boldy. Onuň “Bad Guy” atly aýdymy ýylyň ýazgysy, ýylyň aýdymy, ýylyň täze aýdymçysy baýraklaryny eýeledi. 18 ýaşly zenan aýdymçy bu ugurlarda Taýlor Swift  Ariana Grande, H.E.R, Lana Del Rey, Lizzo, Lil Nas X, Post Malone ýaly meşhurlardan öňe saýlanmagy başardy. Şeýle hem-de Billie Eilishi-iň “When We All Fall Asleep, Where Do We Go?” atly albomy-da ýylyň albomy hem-de ýylyň pop albomy diýlen ugurlar boýunça Gremmi heýkeljikleriniň eýesi boldy. Şeýlelikde, Billie Eilish Gremmi baýraklarynda bir dabarada 4 esasy ugur (iň gowy albom, aýdym, ýazgy, täze aýdymçy) boýunça ýeňiş gazanan ilkinji zenan aýdymçy boldy. Edil Billie Eilish ýaly täze peýda bolan aýdymçylaryň biri-de Lizzo bolup, ol onuň “Truth Hurts” aýdymy iň gowy pop solo ýerine ýetiriş baýragyna laýyk görüldi. Lizzo mundan başga-da “Jerome” aýdymy üçin iň gowy R&B ýerine ýetiriş, “Cuz I Love You (Deluxe)” albomy bilenem iň gowy häzirki zaman şäherleşme albomy diýlen ugurlarda ýeňiji boldy. Şeýle-de Gary Clark Junioryň “This Land” atly aýdymy iň gowy rok aýdymy hem-de iň gowy rok ýerine ýetiriliş baýraklary bilen sylaglandy.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň