Soňky habarlar

Arhiw

Didar Durdyýew «Aktobeniň» türgenleşiklerine goşuldy

17:3625.01.2020
0
6383

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Gazagystanyň «Aktobe» toparynyň türgenleşiklerine goşuldy. Mälim bolşy ýaly, «Aktobe» häzirki wagtda Türkiýäniň Kemer şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär.

Egerde, ildeşimiziň oýny «Aktobeniň» tälimçilerine ýarasa, onuň bilen şertnama baglaşylar. Häzir topar täze möwsüm üçin düzümini emele getirýär. 2019-njy ýylyň futbol möwsüminde Gazagystanyň Premýer-ligasyndan ikinji ligasyna düşen «Aktobe» möwsümi üstünlikli geçirip, ýene-de esasy ýaryşa goşulmagy maksat edinýär.

«Aktobe» taryhynda Gazagystanyň bäş gezek çempiony bolan topar. Topara Moskwanyň «Lokomotiwiniň» we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň ozalky futbolçysy Wladimir Maminow tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň