Hytaýyň Kesellere gözegçilik etmek we öňüni almak edarasy ýurtda adamyň metapnewmowirusynyň (hMPV) möwjemesiniň hasaba alnandygyny habar berdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Habarda HHR-iň hassahanalarynda 23-29-njy dekabr aralygynda öýken-dem alyş ýollarynyň täze keseliniň synag nusgalarynyň seljermesi netijesinde ýurtda dümewi, metapnewmowirusy hem-de rinowirusy goşmak bilen, ýiti öýken-dem alyş ýokançlarynyň çalt ýaýraýandygynyň anyklanandygy aýdylýar.
Edaranyň habaryna görä, kesel, esasan, 14 ýaşa çenli çagalaryň arasynda has köp duşýar. Ýokanç şeýle-de ýurduň demirgazyk ülkelerinde tiz ýaýraýar.
Täze ýokanç sebäpli, Hytaýyň hassahanalary doldy, bu saglygy goraýyş ulgamyna çynlakaý agram salýar diýip, «MIR 24» ýazýar.
Täze hMPV keseliniň alamatlary COVID-19 ýokanjynyňka hem-de dümewiňkä meňzeş, emma bu kesel ilkinji nobatda öýkene zyýan edýär. Keselliler güýçli üsgülewikden, bokurdak agyrysyndan, şeýle umumy ysgynsyzlykdan we baş aýlanmadan ejir çekýärler. Çagalarda we immuniteti gowşak adamlarda metapnewmowirus ýokanjy bronhiti döredýär diýlip, habarda bellenýär.