Türkmenistanda Watan goragçylaryna harby atlar dakyldy

23:4823.01.2020
0
5157

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabaralary boldy ― TDH habar berýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli milletiň Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejesi berildi.

Dabaralara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary hakynda edýän aladasy, olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, netijeli işlemekleri, ak ýürekli gulluk etmekleri we amatly dynç almaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek boýunça edýän toplumlaýyn işleri hem-de olaryň işine berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanyna mundan beýläk-de öz mukaddes borçlaryny wepaly ýerine ýetirjekdiklerine, Watanymyzyň beýik garaşsyzlygynyň gazananlaryny gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň