Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisi Maksim Belyh häzirki wagtda türkmen futzalçylaryny Aziýa çempionatyna taýýarlamaga hem gatnaşýar. Bu barada milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Robert Grdowiç «Türkmenistan» gazetine beren interwýusynda şeýle diýdi:
― Horwatiýaly kärdeşim, uly futbol boýunça milli ýygyndynyň tälimçisi Ante Mişeniň kömekçisi Maksim Belyhyň gatnaşmagynda türgenleşik pursatlarynda fiziki taýýarlyk derejämizi artdyrmaga aýratyn üns berdik.
Ýeri gelende aýtsak, milli ýygyndymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki türgenleşikleri 10 günläp dowam etdi. Onda türgenler bilen topsuz işlenildi. 7-nji ýanwardan taktiki taýýarlygy artdyrmak boýunça türgebleşiklere girişildi.
― Her gün ýörite tassyklanan meýilnama esasynda iki wagtyna türgenleşik işlerini alyp barýarys. Biziň bu türgenleşigimiz üç hepdeläp dowam eder ― diýip, baş tälimçi gürrüň berýär.
Maksim Belyh futbol karýerasyny tamamlandan soňra «Ahal» futbol toparynda Röwşen Meredowyň kömekçisi bolup işledi. Geçen ýyl futbol ýygyndymyzyň başyna geçen Ante Mişe ony öz tälimçiler toparyna çagyrdy. Maksim Belyh, esasan, fiziki taýýarlyk boýunça tälim berýär.